20th Century Studios kinokompaniýasy «Öýde ýeke» («Один дома») filminiň dowamyny surata düşürmek boýunça deslapky işleri başlady. Täze filmde 30 ýyldan gowrak wagtdan soň aktýor Makaleý Kalkiniň Kewin Makkallisteriň keşbine dolanmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada «Deadline» we «Puck» neşirleri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Taslama häzir başlangyç tapgyrynda bolup, onuň ssenarisini taýýarlamak we prodýuserlik işleri Set Rogen bilen Ewan Goldberg tarapyndan alnyp barylýar. Olar Makaleý Kalkiniň teklip eden ideýasynyň üstünde işleýärler. «Disney» kompaniýasy bolsa «Deadline» neşiriniň bu baradaky soragyna düşündiriş bermekden saklandy.
«Öýde ýeke» film tapgyrynyň şu wagta çenli jemi alty bölümi surata düşürildi. Makaý Kalkin olaryň diňe ilkinji ikisinde, şol sanda 1992-nji ýylda ekranlara çykan «Öýde ýeke 2: Nýu-Ýorkda ýitirim» filminde baş keşbi janlandyrdy.
1997-nji ýylda üçünji filmiň surata düşürilmegine başlananda, aktýor eýýäm çagalyk keşbinden ulalypdy. Şonuň üçin kino döredijiler film tapgyryny täze aktýorlar bilen dowam etdirmek kararyna gelipdiler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.