Gruziýada 22-nji noýabrda Tbilisiniň etegindäki ýaşaýyş jaýynda gaz partlamasy zerarly aradan çykanlaryň hatyrasyna milli matam güni yglan edildi. Ýurt Hökümetiniň kabul eden kararyna laýyklykda, şol gün ýurduň ähli künjeklerinde döwlet baýdaklary aşak düşüriler.
Betbagtçylyk 19-njy noýabrda irden Tbilisiniň golaýyndaky Kwemo-Poniçala ilatly ýerinde ýüze çykdy. Partlamanyň netijesinde ýaşaýyş jaýynyň bir bölegi ýykyldy. Wakada alty adam, şol sanda iki çaga aradan çykdy. Halas edijiler harabalyklaryň aşagyndan ýene dört adamy çykarmagy başardylar.
Deslapky maglumatlara görä, partlamanyň sebäbi binanyň bäşinji gatynda oturdylan gazly suw gyzdyryjynyň näsazlygy bolup biler. Tbilisiniň häkimi Kaha Kaladze bolsa tebigy gazyň syzmagynyň hem partlamanyň ýüze çykmagyna sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini mälim etdi. Bu barada «rbc.ru» neşiri ýazýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.