Gazagystanyň täze bir palataly parlamenti bolan Gurultaýyň ilkinji mejlisinde onuň başlygyny saýlamak boýunça möhüm karar kabul edildi. «Adilet» partiýasynyň lideri Aýbek Dadebaý parlamentiň başlygy wezipesine saýlandy.
Aýbek Dadebaýyň dalaşgärligini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hödürledi. Deputatlar ilkinji plenar mejlisde geçirilen gizlin ses berişlikde onuň kandidaturasyny biragyzdan goldadylar.
Ses berişligiň netijelerine görä, jemi 145 býulleten paýlanyp, olaryň 144-si Aýbek Dadebaýyň peýdasyna berildi. Şeýlelikde, onuň Gurultaýyň başlygy wezipesine saýlanmagy barada degişli karar kabul edildi.
46 ýaşly Aýbek Dadebaý 2026-njy ýylyň maý aýyndan bäri «Adilet» partiýasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol täze wezipesine bellenmezden ozal Gazagystanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy bolup işledi.
Gazagystanda 23-nji awgustda geçirilen Gurultaý saýlawlarynyň netijelerine görä, «Adilet» partiýasy täze kanun çykaryjy edaradaky 145 deputatlyk ornuň 110-syny eýeledi. Bu netije partiýanyň bir palataly parlamentde esasy syýasy güýçleriň biri bolmagyna mümkinçilik berdi.
Aýbek Dadebaýyň Gurultaýyň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen Gazagystanyň täze parlamentiniň işiniň hem resmi taýdan başlamagyna ýol açyldy. Täze kanun çykaryjy edaranyň öňünde ýurduň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek we döwlet ösüşiniň esasy ugurlary boýunça degişli çözgütleri kabul etmek ýaly möhüm wezipeler durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.