Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler Türkmenistanyň sebitlerine amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Mary welaýatynda boldy.
Saparyň maksatnamasyna Mary welaýatynyň häkimiýeti bilen duşuşyk, şeýle hem «Täze Aý» kärhanasyna we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp görmek girizildi.
Welaýat häkimliginde geçirilen duşuşykda taraplar Mary welaýatynyň ösüşiniň häzirki meseleleri, oba hojalygynda durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ugurda tejribe alyşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
«Täze Aý» kärhanasyna baryp gören ilçä bu ýerde önümçiligiň döwrebap usullary, serişdeleri tygşytly we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýerli önümçilik zynjyrlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bolsa Petra Dahtler energetika pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Saparyň netijelerini jemläp, Germaniýanyň ilçisi Mary şäherine bolan saparynyň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny we örän gyzykly geçendigini belledi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.