Ynsan üçin sagdyn görüş ukyby gündelik durmuşyň möhüm bölegidir. Gözleriň sagdynlygy okamakda, işlemekde, daş-töwerege dogry ugur almakda we dünýäni doly kabul etmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin göz keselleriniň öňüni almak we ilkinji alamatlar ýüze çykanda wagtynda lukmana ýüz tutmak möhümdir.
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň 1-nji oftalmologiýa bölüminiň lukmany Leýli Joraýewanyň bellemegine görä, şowakörlük, ýagny miopiýa, giň ýaýran göz keselleriniň biridir. Bu kesel, esasan, mekdebe çenli we mekdep ýaşyndaky çagalaryň arasynda köp duş gelýär.
Miopiýanyň esasy alamatlarynyň biri uzak aralykda ýerleşýän zatlaryň aýdyň görünmezligidir. Şowakörlükden ejir çekýän adam uzakdaky zatlary has gowy görmek üçin gözüni süzmäge ýykgyn edýär. «Miopiýa» sözüniň gelip çykyşy hem grek dilindäki «süzmek» manysyny berýän söz bilen baglanyşyklydyr.
Miopiýa wagtynda göze düşýän ýagtylyk şöhleleri gözüň torly perdesinde däl-de, onuň öňünde jemlenýär. Netijede, daşdaky zatlaryň şekili aýdyň emele gelmeýär we görüş ukyby peselýär.
Lukmanyň düşündirişine görä, görüşi kadaly adamlarda göz almasynyň uzynlygy, adatça, 23–24 millimetr töwereginde bolýar. Miopiýa ýagdaýynda bolsa göz almasy uzalyp, onuň ölçegi 26–30 millimetre, käbir ýagdaýlarda bolsa ondan hem ýokary derejä ýetip biler.
Şowakörlügiň ýeňil, orta we ýokary derejeleri bolýar. Keseliň derejesini anyklamak we görüş ukybynyň mundan beýläk peselmeginiň öňüni almak üçin oftalmolog lukmanyň barlagyndan yzygiderli geçmek aýratyn möhümdir.
Esasan-da çagalaryň görüş ukybyna ünsli bolmak zerurdyr. Uzakdaky ýazgylary saýgarman görmek, telewizora ýa-da beýleki ekranlara örän ýakyndan seretmek, kitap okanyňda gözleri süzmek ýaly alamatlar ýüze çyksa, hünärmeniň maslahatyny almak gerek.
Gözleriň sagdynlygyny goramak üçin görüşe düşýän artykmaç agramy azaltmak, dogry yşyklandyryşda kitap okamak we ekran enjamlaryndan peýdalananyňda arakesme etmek peýdalydyr. Göz saglygy bilen bagly islendik üýtgeşmä wagtynda üns bermek bolsa görüş ukybyny uzak ýyllaryň dowamynda gorap saklamaga ýardam edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.