Günorta Koreýanyň ilatynyň aglaba bölegi är-aýal bolmak isleýän adamlaryň resmi nikadan geçmezden hem bile ýaşamagyny kabul edýär. Ýurtda geçirilen pikir soraşmanyň netijelerine görä, ilatyň takmynan 10-dan 7-si şeýle ýaşaýyş görnüşini goldaýar. Bu barada Günorta Koreýanyň Maglumatlar we statistika ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Kazinform» habar berýär.
Barlagyň netijelerine görä, soraga gatnaşanlaryň 67,8 göterimi resmi nikasyz bile ýaşamagy goldaýandygyny bildiripdir. 20–30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda bu görkeziji 80 göterimden hem geçýär.
Pikir soraşmanyň dowamynda gatnaşyjylardan nikalaşmakdan ýüz öwürmegiň sebäpleri hem soralypdyr. Olaryň köpüsi munuň esasy sebäbi hökmünde maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligini görkezipdir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.