
Gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň wekilleri Bütindünýä Gümrük Guramasyna (BGG) agza döwletler tarapyndan döredilen sebitleýin edaralaryň we bu guramanyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasarlarynyň edaralarynyň 21-nji global mejlisine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň dowamynda BGG-niň sebitleýin düzümleriniň häzirki işleri, sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda iň gowy tejribeleriň alyş-çalşygy we gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Elektron okuwyň we sanly platformalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de uzak aralykdan okuwyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň wekilleri BGG-niň täze mümkinçiliklerini artdyrmak başlangyçlary bilen tanyşdylar. Şeýle hem alnan maglumatlar bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek we gümrük ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de işlerde ulanylar.
Keywords