Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanada önümçilik işleri barha giňeldilýär. Kärhanada ýerli tebigy baýlyklardan peýdalanyp, saglygy goraýyşda we kosmetologiýada ulanylýan melhem palçyklarynyň hem-de deňiz duzunyň dürli görnüşleri taýýarlanýar.
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 400 müň gap terapewtiki we kosmetiki önüm, 200 müň gap Mollagara palçygy, şeýle-de 100 müň gapdan wulkan palçygy we deňiz duzuny öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhana bejeriş palçyklaryny, deňiz duzuny gaplamak we önümleriň hiline gözegçilik etmek boýunça üç esasy bölümden ybarat bolup, olaryň işi döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen sazlaşykly alnyp barylýar.
Önümçilikde Italiýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň we Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlardan peýdalanylýar. Bu bolsa önümleriň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, önümçilik möçberlerini artdyrmaga-da mümkinçilik berýär.
Türkmenistan tebigy bejeriş serişdelerine baý ýurtlaryň biri bolup, Balkan welaýatyndaky Mollagara kölüniň gyrmança palçyklary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu palçyklaryň kosmetologiýadaky peýdaly aýratynlyklaryna hem uly üns berilýär. Mollagara palçygy deriniň öýjükleriniň täzelenmegine, gan aýlanyşygynyň kadalaşmagyna we deriniň gurplanmagyna ýardam berýän tebigy serişde hökmünde ulanylýar.
Esenguly etrabynyň çägindäki wulkanlaryň palçyklary hem özboluşly düzümi bilen tapawutlanýar. Olaryň düzümindäki dürli mikroelementler kosmetologiýada we sagaldyş maksatly önümleri taýýarlamakda peýdalanylýar.
Kärhanada palçyklar önümçilige girizilmezden ozal birnäçe tapgyrdan geçirilýär. Tebigy çeşmelerden getirilen çig mal ýörite eleklerde daş, çäge we beýleki garyndylardan arassalanýar. Soňra arassalanan suw bilen zerur derejede garylyp, gaplara guýulýar. Bu bölümiň önümçilik kuwwaty sagatda 600 gap taýýar önüme ýetýär.
Deňiz duzuny gaplamak bölüminde hem önümçilik birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar. Duz ilki degişli ölçegde owradylýar, soňra ýörite elekleriň we magnit ulgamlarynyň kömegi bilen dürli garyndylardan arassalanýar. Arassalanan duzuň bir bölegi gerdejik görnüşinde taýýarlanyp, oňa dermanlyk otlar goşulýar. Bölümiň önümçilik kuwwaty sagatda 3 müň 600 gram taýýar önüme barabardyr.
Kärhanada öndürilýän önümler ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalara, saglygy goraýyş we dikeldiş merkezlerine, hassahanalara, Saglyk öýlerine hem-de dermanhanalara iberilýär. Şeýlelikde, ýerli tebigy serişdelerden taýýarlanýan önümler ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen önümçiligiň möhüm bölegine öwrülýär.
Kärhananyň hünärmenleri geljekde melhem palçyklarynyň we deňiz duzunyň öndürilýän möçberlerini hem-de görnüşlerini has-da artdyrmagy maksat edinýärler. Bu ugurda döwrebap önümçilik mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işlemek we içerki bazary ýerli önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.