Sowet döwrüniň meşhur saz toparlarynyň biri bolan Türkmenistanyň «Güneş» wokal-instrumental ansamblynyň ilkinji albomy 45 ýyldan soň resmi taýdan gaýtadan neşir edildi. Bu barada Russiýanyň «Melodiýa» firmasy habar berdi.

1979-njy ýylda ilkinji gezek ýazga alnan albom häzirki wagtda 180 gramlyk winil plastinkasynda täzeden diňleýjilere hödürlenýär. Bilermenler bu eseri sowet gruwy (groove), progressiw jaz-rok we gündogar fýužn (fusion) žanrlarynyň iň täsirli nusgalarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

«Güneş» ansambly 1970-nji ýylda Aşgabatda aýdymçy Myrat Sadykow tarapyndan döredildi. Soňra topar sazandalar Oleg Korolýow we Şamämmet Bäşimowyň ýolbaşçylygynda özboluşly döredijilik ýoluny dowam etdirip, türkmen milli sazlaryny günbatar jaz-rokynyň elementleri bilen utgaşdyrmagy başardy.

Toparyň repertuarynda Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň we Andalybyň goşgularyna döredilen aýdymlar, halk sazlarynyň täzeden işlenilen nusgalary hem-de instrumental kompozisiýalar möhüm orun eýeledi. Şeýle hem alboma kompozitor Nury Halmämmedowyň «Keçpelek» eseri girizildi.

Albomyň tapawutly eserleriniň biri bolan «Gündogar sowgady» («Восточный сувенир») atly instrumental kompozisiýa 11/8 ölçegindäki çylşyrymly ritmi bilen tapawutlanýar we deprekçi Rişad Şafiýewiň ussatlygyny açyp görkezýär.

Täze neşir üçin winil plastinkasynyň ses ýazgylary göni original analog lentalardan dikeldildi. Sesiň restawrasiýa işleri ses režissýory Maksim Pilipow tarapyndan ýerine ýetirildi.

Şeýle hem täze winil plastinkasynyň daşky bezegi asyl nusgadaky dizaýn esasynda taýýarlanyp, aýdymlaryň sözleri we olaryň rus dilindäki terjimeleri bilen dolduryldy.

Albomyň gaýtadan neşir edilmegi «Güneş» ansamblynyň döredijilik mirasyny täze nesil diňleýjilere ýetirmek bilen bir hatarda, türkmen saz sungatynyň halkara derejedäki gymmatly eserleriniň biri hökmünde ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar.