«Belet» striming platformasy Günorta Koreýanyň täze «Menejer Kim» (ýa-da «Agent Kim ýene-de işe girişýär») serialyny öz bukjasyna goşdy. 10 bölümden ybarat bu dartgynly söweşjeň taslama, meşhur «Lukizm» komiksiniň ruhy dowamaty (spin-off) hökmünde tanalýar. Serialyň ilkinji bölümleri 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilip başlandy. Häzirki wagtda platformanyň «Standart» abunaçylary ilkinji iki bölümi tomaşa edip bilerler. Täze bölümler her anna we şenbe günleri SBS teleýaýlymynda çykandan soňra yzygiderli ýüklenip durlar.
Günorta Koreýanyň «Menejer Kim» serialy «Belet» platformasynda görkezilip başlandy
1 min okamak840

Meşhur webtunyň esasynda surata düşürilen «Menejer Kim» söweşjeň serialy indi «Belet» platformasynyň «Standart» abunaçylary üçin elýeterli.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.