24-nji noýabrda I. Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ýurduň gazanan üstünliklerine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Çärä türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary goldamak we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Çärede Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama aýratyn üns çekildi. Bu başlangyjyň halkara hukuk kadalaryny berkitmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda, şeýle hem döwletleriň arasynda netijeli dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle-de 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň netijeleri barada çykyş edildi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, talyplaryň alyş-çalşygyny ýola goýmak, bilelikdäki ylmy barlaglary we ýaşlar taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly ugurlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.