Gyrgyzystanyň raýatlary 20-nji awgustdan başlap Hytaýa 10 güne çenli wizasyz girip bilerler. Täze tertip Hytaý tarapyndan birtaraplaýyn esasda girizildi.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Diwanynyň daşary syýasat bölüminiň müdiri Sagynbek Abdumutalip Hytaýyň Migrasiýa işleri boýunça döwlet müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, täze düzgün barada habar berdi.

Täze tertibe laýyklykda, Gyrgyzystanyň raýatlarynyň Hytaýa 10 güne çenli möhlet bilen wizasyz girmegi üçin esasy şertleriň biri olaryň Gyrgyzystana üçünji ýurduň üsti bilen gaýdyp barjakdygyny tassyklaýan uçar peteginiň bolmagydyr.

Mysal üçin, Gyrgyzystanyň raýaty Pekine, Şanhaýa ýa-da Hytaýyň beýleki şäherlerine göni uçup, yzyna bolsa Şanhaý — Almaty — Bişkek ýa-da Pekin — Daşkent — Oş ýaly ugurlaryň üsti bilen dolanyp biler.

Hytaýa girýän wagty Gyrgyzystanyň raýatlary täze düzgün boýunça kesgitlenen 65 geçiriş nokadynyň islendik birinden peýdalanyp bilerler.

Mundan başga-da, Hytaý Gyrgyzystanyň raýatlary üçin Haýnan adasyna 30 güne çenli wizasyz giriş mümkinçiligini hem üpjün etdi.

Täze düzgün Gyrgyzystanyň raýatlary üçin Hytaýa syýahat etmegi ýeňilleşdirer. Indi 10 güne çenli sapar meýilleşdirýän raýatlara wiza üçin resminamalary taýýarlamak, konsullyga ýüz tutmak we degişli wiza ýygymlaryny tölemek zerur bolmaz.

Şeýle-de bolsa, täze 10 günlük wizasyz düzgün birtaraplaýyn häsiýete eýedir. Ýagny, Hytaýyň raýatlary Gyrgyzystana girenlerinde häzirki wagtda bolşy ýaly, wiza talaplaryna eýermeli bolarlar.