«Serdar» pagta egriji fabriginde 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda 26 million 910 müň 447 manatlyk ýokary hilli önüm öndürildi. Şeýlelikde, kärhana boýunça önümçilik meýilnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.
1998-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän kärhanada häzirki wagtda 200-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Fabrikde dokma senagatynda giňden ulanylýan Nm 20/1 we Nm 14/1 ölçegli nah ýüplükler öndürilýär. Bu önümlere içerki we halkara bazarlarynda uly isleg bildirilýär.
Kärhanada öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän ýüplükler ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmek bilen birlikde, daşary ýurtlara hem eksport edilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.