
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn üns berilýän ugurlaryň biri-de çuňňur gaýtadan işlenen önümleri öndürmekdir. Karbamidiň we fosforly dökünleriň önümçiliginiň artmagy dünýäde azyk howpsuzlygyna bolan isleg bilen gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan sebit we dünýä agrar bazarlary üçin çig mal bilen möhüm üpjün edijä öwrülýär. Şeýle hem ýurdumyz ýokary tehnologiýaly lukmançylykda we elektronikada giňden ulanylýan tehniki ýoduň çykarylyşy boýunça öňdebaryjylaryň biri hökmünde öz ornuny berkidýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna badalga berilmegi taryhy wakalaryň biri boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň himiýa senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, himiýa senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Munuň özi kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmaga, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Keywords