Beýik Britaniýanyň Times Higher Education agentliginiň “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtinginiň netijeleri yglan edildi. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna (SDG) goşan goşandyny bahalandyrýar. 2026-njy ýylda dünýäniň 116 ýurdundan 1 646 uniwersitet gatnaşan bu sanawa, taryhda ilkinji gezek Türkmenistandan üç uniwersitet girizildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bäşinji ýyl yzly-yzyna bu abraýly reýtinge gatnaşyp, bilim, ylym we innowasiýa ugurlarynda öňdebaryjylygyny subut etdi. Uniwersitet SDG 4 (Hil bilim), SDG 7 (Arzan we arassa energiýa) we SDG 9 (Senagat, innowasiýa we infrastruktura) ugurlary boýunça görkezijilerini gowulandyrdy.
Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi
1 min okamak841

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna goşan goşandy bilen halkara abraýyny tassyklady.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.