
Şu okuw ýylynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýaşlaryň 24 müňe golaýy orta mekdepleri tamamlaýar. San taýdan iň köp uçurym Daşoguz şäheriniň, Şabat we Garaşsyzlyk etraplarynyň umumybilim berýän edaralarynda taýýarlanyldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, sebitiň ähli orta mekdeplerinde-de 25-nji maýda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Gözellik we wepadarlyk baýramy» (Ahyrky jaň) dabaralary geçiriler. Çäräniň dowamynda tapawutlanan uçurymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşurylyp, dürli medeni-köpçülikleýin çärelere giň gerim berler.
Bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu günki günde Daşoguz welaýaty ösen çagalar baglarynyň we umumybilim berýän mekdepleriň giň ulgamyna eýedir. Häzirki wagtda sebitde 500-den gowrak orta mekdep hereket edip, olaryň hatarynda daşary ýurt dillerini we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň hem-de internat mekdepleriniň onlarçasy bar. Okuw ojaklarynyň tehniki enjamlaşdyrylyşynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa bilim işine häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga giň mümkinçilik açýar.
Mekdeplerde döredilen şertler ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesliň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar. Şunda okuwçylaryň diňe bir intellektual ukyplaryny ösdürmek bilen çäklenilmän, eýsem olaryň beden taýdan sagdyn bolmagyna hem aýratyn üns berilýär.
Welaýatyň dürli künjeklerinde her ýyl zamanawy standartlara laýyk gelýän täze mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Ýakyn ýyllarda bu ösen düzüm Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde, şeýle-de sebitiň birnäçe etraplarynda gurluşygy meýilleşdirilýän täze bilim ojaklarynyň hasabyna has-da giňeler.
Keywords