
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary önümçilik tejribeligini kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy alynyp barylýan täze binalar toplumyna baryp gördüler.
Ýokary okuw mekdebiniň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda guralan bu göçme okuw sapagy 19-njy maýda geçirildi. Çäranyň esasy maksady talyplaryň okuw auditoriýalarynda alan nazarýet bilimlerini önümçilik şertleri we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrmakdan ybarat boldy.
Okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar täze desganyň meýdançasynda uly depginler bilen alnyp barylýan gurluşyk-gurnaýyş işleriniň gidişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem olar bu ýerde desganyň gurluşygyny alyp barýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň tejribeli hünärmenleri bilen duşuşyp, gurluşykda ulanylýan materiallaryň aýratynlyklary we inženerçilik çözgütleri barada özara pikir alyşdylar.
Gurluşyk meýdançasynda guralan şeýle tejribe okuwlary geljekki inžener-tehnologlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we olaryň döwrebap önümçilik şertlerine uýgunlaşmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Keywords