Hindistanyň gündogarynda ýerleşýän Assam ştatynda Saýrang — Kalkutta ugry boýunça hereket edýän ýolagçy otlusynyň lokomotiwi we alty sany wagony demir ýoldan çykdy. Bu barada «PTI» habarlar agentligi ýerli edaralara salgylanyp habar berdi.

Deslapky maglumatlara görä, hadysada ölenler barada habar berilmedi. Şeýle-de bolsa, otlynyň ýolagçylarynyň arasynda ejir çekenleriň bardygy bellenilýär.

Häzirki wagtda wakanyň ýüze çykmagynyň sebäpleri anyklanylýar. degişli edaralar tarapyndan derňew işleri geçirilýär.