Müsür her ýyl ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny 19 milliondan 100 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu maksatnama, ilkinji nobatda, daşary ýurtly myhmanlaryň, şol sanda hytaýly syýahatçylaryň sanyny köpeltmäge, syýahatçylykdan gelýän girdejileri artdyrmaga we milli ykdysadyýeti goldamaga gönükdirilendir. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça bu strategiýa barada giňişleýin maglumat berilýär.
Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Müsüre takmynan 350 müň hytaýly syýahatçy baryp gördi. Şol ýylda ýurduň syýahatçylyk pudagyndan gazanan girdejisi 16,7 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji Müsüriň jemi içerki önüminiň 3,7 göterimine deň boldy.
Häzirki wagtda Müsüre gelýän syýahatçylaryň esasy bölegi Ýewropa ýurtlaryndan we arap döwletlerinden barýar. Şeýle-de bolsa, hökümet hytaýly syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga aýratyn üns berýär. Şu maksat bilen Hytaýyň raýatlary üçin wiza almak şertleri ýeňilleşdirildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.