Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän Norwegiýa özboluşly tebigaty we gözel landşaftlary bilen syýahatçylaryň ünsüni çekýän ýurtlaryň biridir. Skandinaw ýurdunda polýar gijeleri, gadymy buzluklary bilen birlikde, dag gerişleri we täsin gaýalary hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Buzluklaryň eremegi we tebigy hadysalaryň täsiri netijesinde emele gelen şeýle gaýalaryň iň meşhurlarynyň biri «Trolluň dili» (Trolltunga) diýlip atlandyrylýan gaýadyr.

2010-njy ýyldan soň syýahatçylaryň arasynda has-da meşhurlyk gazanan bu tebigy ýadygärlik deňiz derejesinden takmynan 1180 metr belentlikde ýerleşýär. Daş-töweregindäki gaýaly daglaryň üstünden uzalyp çykýan görnüşi onuň özboluşly keşbini emele getirýär. Gaýanyň aşak tarapynda bolsa gözel tebigaty bilen tanalýan Ringedalswatnet köli ýerleşýär.

«Trolluň diline» ýetmek üçin Skeggedal daglarynyň gerişleriniň ugry bilen birnäçe kilometr pyýada ýöremeli bolýar. Bu ýere gezelenç etmek, adatça, 10–12 sagat wagt alýar. Şonuň üçin syýahatçylar ýörişe öňünden taýýarlyk görmeli bolýarlar. Tomus we güýz pasyllarynda bu tebigy ýadygärlige gelýänleriň sany has-da köpelýär.

Trolltunga gaýasyna iň ýakyn ilatly ýerleriň hatarynda Odda şäheri we Skeggedal obasy bar. Skeggedal daglarynyň özboluşly tebigaty, gaýalaryň arasyndaky köller we belentligi 1500 metre ýetýän dag gerişleri bu sebitiň gözelligini has-da artdyrýar.