Hindistanyň Goa ştatynda ýerleşýän Bütinhindi Aýurweda instituty Aşgabatdaky Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin onlaýn okuw sapagyny gurady. «Aýurwedada keselleriň patogenezi: tridoşa teoriýasy» atly webinar adaty hindi lukmançylygynyň esasy düşünjeleriniň biri bilen tanyşdyrmaga bagyşlandy. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň beýanatynda habar berilýär.
Okuw sapagyny Bütinhindi Aýurweda institutynyň dekanynyň orunbasary, doktor Mohan R. Joşi alyp bardy. Ol gatnaşyjylara aýurweda lukmançylygynda keselleriň döreýşini we ösüşini düşündirmekde ulanylýan tridoşa teoriýasy barada giňişleýin maglumat berdi.
Webinaryň dowamynda bedeniň üç esasy ýaşaýyş ýörelgesi hasaplanýan wata, pitta we kapha düşünjelerine aýratyn üns berildi. Aýurweda taglymatyna görä, wata howa we giňişlik, pitta ot we suw, kapha bolsa ýer we suw bilen baglanyşdyrylýar. Doktor Mohan R. Joşi bu üç ýöreljäniň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagynyň keselleriň döremegi we ösüşi bilen nähili düşündirilýändigini beýan etdi.
Hindistanyň ilçihanasy iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we adaty lukmançylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem belledi. 2015-nji ýylda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi açylypdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde aýurweda otagy işe girizildi.
Hindistan «giňeldilen goňşuçylyk» syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ösüşiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär. Bu hyzmatdaşlygyň saglygy goraýyş, derman senagaty, aýurweda we adaty lukmançylyk ulgamlaryny hem öz içine alýandygy bellenilýär.
Webinaryň geçirilmegi iki ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim we tejribe alyşmak, talyplaryň adaty lukmançylyk baradaky düşünjelerini giňeltmek üçin döredilýän mümkinçilikleriň nobatdaky mysaly boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.