Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy. Hindi hökümetiniň baştutanyny Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşy aldy.

Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we köp ugurly gatnaşyklary täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garalar.

Gepleşiklerde syýasy gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini berkitmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bir hatarda, ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler. Hususan-da, söwda, energetika, himiýa senagaty, geologiýa, saglygy goraýyş, farmasewtika, oba hojalygy we maşyn gurluşygy ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Taraplar halkara we sebit derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşarlar. Şeýle-de dürli köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

Saparyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara we ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Hindistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji martynda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli geçirilmegi özara syýasy gatnaşyklaryň ösdürilýändigini görkezýär.

Soňky ýyllarda Hindistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem ösýär. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 33,3 göterim ýokarlanyp, 1,3 milliard dollardan geçdi.

Bu oňyn ösüş 2026-njy ýylda hem dowam edýär. Şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Özbegistan bilen Hindistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 598 million dollara ýetdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,5 göterim ýokarydyr.

Narendra Modiniň Özbegistana häzirki döwlet sapary iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny täze ugurlar boýunça ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda möhüm ädimleriň biri bolar.