
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa brendleriniň biri bolan HONOR, täze elýeter bahaly smartfonyny — HONOR Play 10C enjamyny resmi taýdan hödürledi. Täze model arzan bahasyna garamazdan, öz derejesine laýyk güýçli häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Bu smartfon, ýokary öndürijilikli prosessor, uly göwrümli batareýa we häzirki zaman funksiýalary bilen üpjün edilendir.
HONOR Play 10C modeli täze we özboluşly dizaýny bilen ünsleri özüne çekýär. Smartfonyň yzky panelinde tolkun görnüşli tekstura ulanylyp, kameranyň daş-töwereginde uly "göz ýaly" tegelek elementler ýerleşdirilen. Emma bu ýerlerde diňe bir kamera moduly ýerleşýär, beýleki tegelek bolsa ýalpyldawuk çyradyr.
Enjamyň möhüm aýratynlyklarynyň biri — täzelenen emeli aň (AI) düwmesi bolup, onuň kömegi bilen peýdalanyjy bir basyş arkaly navigasiýany açyp, toparlaýyn jaň edip ýa-da beýleki birnäçe işi çaltlyk bilen amala aşyryp biler. Mundan başga-da, aýratyn "elektron kitap" görnüşi bar bolup, bu funksiýa kitap okamak üçin gözüň dynçlygyny üpjün edýär we energiýa sarp edilişini azaldýar.
Häsiýet Görkezijiler
Ekran
6,61 dýuým, IPS, 720×1604 piksel, 120 Hz, 1010 nit ýagtylyk
Prosessor
MediaTek Dimensity 6300 (2,4 GHz)
Grafika
Mali-G57 MC2
RAM / ROM
4 / 6 / 8 GB RAM, 128 / 256 GB ROM
Esasy kamera
13 MP (f/1.8)
Öň kamera
5 MP (f/2.2)
Batareýa
6000 mA·s, 15W ýapgyt bilen zarýad beriş
Operasion ulgam
MagicOS 9.0 (Android 15 esasynda)
Beýleki aýratynlyklar
IP64 derejesindäki gorag, 3,5 mm gulaklyk porty
Ölçegleri / Agramy
163,95 × 75,6 × 8,39 mm / 197 g
HONOR Play 10C häzirki wagtda diňe Hytaýda satuwa çykaryldy. Modellere görä bahalar şeýle:
Konfigurasiýa Bahasy (ýuan) Takmynan rus rublynda
4 GB + 128 GB
649 ¥
~7200 ₽
6 GB + 128 GB
699 ¥
~7765 ₽
8 GB + 256 GB
899 ¥
~9985 ₽
Netije
HONOR Play 10C — gündelik ulanmak üçin amatly, ýöne häzirki zaman funksiýalaryndan mahrum bolmadyk bir smartfon. Uly batareýasy, ýokary ýagtylykly we 120 Hz täzelenme ýygylykly ekrany, Android 15 ulgamy bilen gelmegi bu enjamy öz synpynyň içinde bäsdeşsiz edýär. Bahasyna görä beýle mümkinçilikleriň hödürlenmegi ony bazardaky iň üýtgeşik teklipleriň birine öwürýär. Gelejekde bu modeliň halkara wersiýasynyň hem çykarylmagyna garaşylýar.
Keywords