
Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek we raýatlaryň erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ulanmaklaryna, ýagny, ykdysady dolanyşyga girizmek maksady bilen Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäher şahamçasy hödürleýär: — ýyllyk 6,5 göterim bilen, möhletli «Goýum bank karty» atly bank hyzmaty hereket edýär. Siz «Goýum bank kartynyň» üsti bilen şu aşak daky amatlylyklardan peýdalanyp bilersiňiz:
— goýum bank kartyny çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdeleri bilen doldurmaga we islendik wagtda yzyna almaga;
— söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge;
— «Altyn Asyr» kartly töleg ulgamynda ýola goýlan hyzmatlary, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň töleglerini tölemäge.
«Goýum bank kartyny» açmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäher şahamçasyna ýüz tutup we degişli maslahatlary alyp bilersiňiz.
Biziň salgymyz: Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň Magtymguly köçesiniň 154-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8(445) 5-06-21, 5-13-02.
Keywords