«Talyp karzy» – Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw tölegini maliýeleşdirmek üçin niýetlenen ýeňillikli karz görnüşidir.
Karzyň esasy şertleri:
- Karzyň möçberi: Okuw jaýy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda görkezilen möçberde, nagt däl görnüşde berilýär;
- Göterim derejesi: ýyllyk 5%;
- Karzyň möhleti: 5 ýyla çenli;
Karzyň üpjünçiligi:
Karzyň hödürlenmegi üçin hökmany ýagdaýda:
- Girew emlägi, ýa-da
- Üçünji bir tarapyň kepilliginiň (zamunlygynyň) üpjün edilmegi talap edilýär.
Hormatly talyplar we ene-atalar!
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenýän «Talyp karzy» mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýän müşderilerden bankyň resmi internet sahypasy www.tnbk.tm arkaly onlaýn görnüşde ýüz tutmalary hem-de degişli resminamalary tabşyrmalary kabul edilýär.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.