«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanyň hökümeti we ýerli kärhanalar bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýurduň Merkezi Aziýada emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy merkezleriň birine öwrülmegine ýardam bermegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ren Tao «Türkmentel — 2026» halkara sergisinde we maslahatynda beren beýanatynda aýtdy.
Ren Taonyň bellemegine görä, «Huawei» Türkmenistanda 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Kompaniýanyň esasy iş ugurlary maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, şol sanda simsiz aragatnaşyk ulgamlaryny we maglumatlary geçirmegiň transport infrastrukturasyny kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.
Kompaniýanyň wekili Türkmenistanyň geografik taýdan Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm baglanyşdyryjy orny eýeleýändigini nygtady. Şeýle hem ýurtda telekommunikasiýa ulgamyny we sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýalaryň durmuşa geçirilmegi halkara tehnologiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Ren Taonyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň sanly ösüş boýunça ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bar. Bu ugurlar «Huawei» kompaniýasynyň tejribesine we tehnologiýa mümkinçiliklerine laýyk gelýär. Ol kompaniýanyň simsiz aragatnaşyk çözgütleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini, emeli aň ulgamynda bolsa Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hataryna girýändigini belledi.
Geljekki bäş-on ýylyň dowamynda sanly infrastruktura ulgamynda bolup biljek ösüşler barada pikirini paýlaşan Ren Tao 5G ulgamynyň şu ýylyň ýa-da geljek ýylyň dowamynda ýurduň ähli çägini gurşap almagyna garaşýandygyny aýtdy. Onuň pikirine görä, bu ýagdaý Türkmenistanyň halkara maglumat-aragatnaşyk ulgamyna birikmesini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
«Huawei» kompaniýasynyň beýan eden garaýyşlary Türkmenistanda sanly infrastruktura, ýokary tizlikli aragatnaşyk we emeli aň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.