2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň bilelikde başlyklyk etmeginde Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi.
Mejlis Bütindünýä durnukly ulag gününe, BMG-niň 2026–2035-nji ýyllary öz içine alýan Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji ýylyna, şeýle hem guramanyň Durnukly ulag boýunça Birinji Ählumumy maslahatynyň geçirilmegine 10 ýyl dolmagyna bagyşlandy.
Çärä BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Nawid Hanif, Guramanyň Iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy (UN-OHRLLS), BMG-Habitat, BMG-ä agza döwletleriň hemişelik wekilleri we wekiliýetleri, şeýle-de halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereketler Maksatnamasy bilen amaly taýdan utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk etmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň utgaşdyrmagynda Awaza Hereketler Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetiniň rezolýusiýasynyň taslamasy babatda gepleşikleriň tamamlanandygy mälim edildi.
Duşuşygyň çäklerinde Mongoliýa we Efiopiýa Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň düzümine goşuldy. Mundan başga-da, täze hyzmatdaşlar, «Global Sustainable Transport Innovation Award» halkara baýragy we BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny goldamak maksady bilen meýletin borçnamalar tanyşdyryldy.
Mejlisiň möhüm netijeleriniň biri Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen taýýarlanan Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýöriteleşdirilen web sahypasynyň işe girizilmegi boldy. Gatnaşyjylara Durnukly ulag atlasynyň ilkinji nusgasy hem görkezildi.
Çärä gatnaşyjylar döwletleriň we hyzmatdaşlaryň tekliplerini nazara almak bilen, toparyň 2027-nji ýyl üçin Ýol kartasyny taýýarlamagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle-de häzirki Baş Assambleýanyň sessiýasynyň dowamynda toparyň ilkinji gezek Ikinji komitetde bilelikdäki beýannama bilen çykyş edendigi bellenildi.
Geçirilen mejlis durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BMG-niň degişli onýyllygynyň maksatlaryny goldamak we bu ugurda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.