Aşgabat şäherinde geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we serginiň çäklerinde Türkmenistanyň ulag düzümleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara forum ulag we logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Çärä halkara guramalaryň we dünýäniň iri kompaniýalarynyň 300-den gowragyna wekilçilik edýän 600-e golaý hünärmen gatnaşýar.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurtly işewürleriň arasynda duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olarda ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, deňiz ulaglarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, portlaryň işini kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Türkiýäniň «USS Denizcilik ve Lojistik Tic. ve San. Ltd. Şti.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnama aýratyn orun eýeleýär. Resminama portlary ösdürmek, logistika, flotdan peýdalanmak we gämileri abatlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy göz öňünde tutýar.
Şeýle hem «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «JS International Korea» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin esas döredýär.
Halkara maslahat we serginiň çäklerinde geçirilen duşuşyklar ulag ulgamynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge, özara bähbitli teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de halkara işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge şert döretdi.
Gol çekilen ylalaşyklar Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňiz portunyň we söwda flotunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, şeýle hem ýurduň üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň dowam etdirilýändigini görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.