Türkmenistanda ilatyň döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna elýeterliligini ýokarlandyrmak we ýurduň ähli ilatly nokatlaryny ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda 4G we 5G ykjam aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň bellemegine görä, ýurduň iň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryny hem goşmak bilen, ähli sebitlerde 4G we 5G standartlaryna laýyk gelýän aragatnaşyk hyzmatlaryny ýola goýmak maksat edinilýär. Bu barada ministr 24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel — 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasynda aýtdy.

Döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutuş ýurt boýunça elýeterli bolmagy, ilatyň internet hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk, internet we ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça halkara bäsleşikleri geçirilýär.

Ýurtda içerki telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek işleri halkara aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek bilen utgaşykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary tizlikli DWDM tehnologiýasy esasynda işleýän sekiz sany halkara süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasy arkaly goňşy döwletler bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle hem serhetüsti aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen täze taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Türkmenistanda 5G tehnologiýasy ilkinji gezek «akylly şäher» Arkadagda ornaşdyryldy. Bu ulgam şäher infrastrukturasyny dolandyrmakda, sanly hyzmatlary ösdürmekde we serişdeleri netijeli peýdalanmakda döwrebap mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýýan maksatlary 4G we 5G tehnologiýalarynyň gerimini giňeltmegi, internetiň hilini ýokarlandyrmagy hem-de döwrebap sanly hyzmatlaryň ilat üçin elýeterliligini üpjün etmegi öz içine alýar.