Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň maglumat howpsuzlygyny berkitmek, täjirçilik hem-de şahsy maglumatlaryň rugsatsyz ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen DLP (Data Loss Prevention) ulgamyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu çözgüt «Türkmentel — 2026» halkara sergisinde SearchInform kompaniýasy tarapyndan tanyşdyryldy. Ulgam Türkmenistanda «Awtomatizasiýa Tehnologiýalarynyň Merkezi» bilen hyzmatdaşlykda işe giriziler.
SearchInform kompaniýasynyň maglumat howpsuzlygy boýunça çözgütleri bilen tanyşdyrylyşynyň dowamynda DLP ulgamynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Türkmenistanyň bazarynda bu çözgütleri hödürleýän Mergen Amanowyň düşündirmegine görä, programma üpjünçiligi sargytçynyň öz serwerlerinde gurnalýar we ulgam arkaly toplanýan maglumatlar hem şol ýerde saklanýar.
DLP ulgamy kärhananyň içinde maglumatlaryň hereketine gözegçilik edip, olaryň rugsatsyz ýagdaýda daşyna çykarylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ol elektron poçta, messenjerler, bulut hyzmatlary, HTTP we HTTPS kanallary, şeýle hem FTP arkaly maglumat alyş-çalşygyny gözegçilikde saklaýar. Mundan başga-da, USB, CD we DVD ýaly daşarky maglumat göterijileriniň birikdirilmegine hem gözegçilik edýär.
Ulgamyň mümkinçilikleri munuň bilen çäklenmeýär. Ol kompýuterleriň monitory, mikrofon, wideokamera arkaly geçirilýän aragatnaşyk, printerler we skanerler bilen bagly maglumat akymlaryny hem seljermäge mümkinçilik berýär.
Hünärmeniň bellemegine görä, DLP ýaly çözgütleriň ornaşdyrylmagy kärhanalar üçin möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi guramalaryň işinde täjirçilik syrlary, işgärleriň we müşderileriň şahsy maglumatlary, bank kartlary we hasaplary bilen bagly maglumatlar ulanylýar. Şeýle maglumatlaryň rugsatsyz ýaýramagy kärhanalara maliýe taýdan zyýan ýetirip, olaryň işewürlik abraýyna hem ýaramaz täsir edip biler.
SearchInform kompaniýasy ulgamyň mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirýär. 2026-njy ýylda onuň täze wersiýasyna emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan kömekçi hem goşuldy. Ol işgärleriň arasyndaky ýazmaça habarlary seljerip, olaryň mazmunyndaky kanuna garşy hereketleriň alamatlaryny ýüze çykarmaga niýetlenendir.
Täze çözgüdiň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda kärhanalaryň maglumat howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki maglumat alyş-çalşygyna gözegçiligi güýçlendirmek we sanly gurşawda maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri giňelder.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.