Hytaý 20-nji awgustdan başlap Gyrgyzystanyň we Wýetnamyň raýatlaryny 240 sagatlyk, ýagny 10 güne çenli wizasyz üstaşyr geçiş maksatnamasyna goşdy.
Täze tertibe laýyklykda, bu ýurtlaryň raýatlary üçünji ýurda ýa-da sebite barýan mahaly Hytaýyň çäginde 10 güne çenli wizasyz bolup bilerler. Şeýle hem Gyrgyzystanyň we Wýetnamyň raýatlaryna Haýnan adasyna 30 güne çenli wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik döredildi.
Wizasyz üstaşyr geçişden peýdalanmak üçin syýahatçylaryň hereket edýän adaty pasporty we Hytaýdan başga ýurda ýa-da sebite gitmek üçin öňünden tassyklanan senesi bolan uçar petegi bolmalydyr.
Wizasyz bolunýan döwürde daşary ýurtly raýatlara syýahatçylyk, işewürlik, garyndaşlaryna we dostlaryna baryp görmek ýaly maksatlar bilen Hytaýda bolmaga rugsat berilýär. Şol bir wagtyň özünde, işlemek, bilim almak ýa-da žurnalistik iş alyp barmak üçin degişli wiza almak talaby saklanyp galýar.
Hytaýyň bu karary Merkezi Aziýa bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda syýahatçylyk we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredip biler. Gyrgyzystanyň maksatnama goşulmagy bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary üçin Hytaýyň üstaşyr geçiş mümkinçilikleriniň giňelýändigini görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.