Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän raýatlar üçin resminamalary kabul ediş tapgyryna badalga berildi. Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, dalaşgärler resminamalaryny 21-nji iýuna çenli tabşyrmaly. 18-25 ýaş aralygyndaky, doly orta ýa-da orta hünär bilimi bolan we iňlis dilini bilýän ýaşlar bäsleşige gatnaşyp bilerler. Synaglardan üstünlikli geçen dalaşgärler bilen söhbetdeşlik 23-nji iýunda geçiriler. Okamak we ýaşamak şertleri, şeýle-de ugurlar baradaky giňişleýin maglumatlary uniwersitetiň kabul ediş toparyndan alyp bilersiňiz.
Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin resminamalary kabul edişlik başlandy
1 min okamak1 025

Aşgabatda Hytaýyň Sinjan-Uýgur awtonom sebitindäki uniwersitetlerde okamaga isleg bildirýän türkmenistanly ýaşlar üçin resminamalary kabul ediş kampaniýasy geçirilýär.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.