Keniýada Ebola wirusyna ýolugan iň soňky näsag 11-nji noýabrda keselhanadan çykaryldy. Şondan soň ýurtda keseliň täze ýagdaýlarynyň ýüze çykmajakdygyny anyklamak üçin 42 günlük gözegçilik döwri başlandy. Bu möhletde täze ýokuşma ýagdaýlary hasaba alynmasa, Keniýa Ebola wirusyndan azat ýurt diýlip yglan ediler.

Oktýabr aýynyň başyndan bäri ýurtda Ebola wirusyna ýolugmagyň dokuz ýagdaýy hasaba alyndy. Ilkinji näsag wirusyň ýaýramagy maý aýyndan bäri dowam edýän Kongo Demokratik Respublikasyndan gelen erkek adam boldy. Ol soňra aradan çykdy. Umuman, Keniýada bu keselden iki adam aradan çykdy, ýedi näsag bolsa sagaldy.

Ýerli Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, 19-njy oktýabrdan bäri ýurtda wirusa ýolugmagyň täze ýagdaýlary ýüze çykarylmady. Näsaglar bilen aragatnaşykda bolan 11 adam hem lukmançylyk gözegçiliginden boşadyldy.

Şol bir wagtyň özünde, Keniýanyň häkimiýetleri keseliň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak üçin seresaplylyk çärelerini güýçlendirýärler. Kongo Demokratik Respublikasyndan gelýän raýatlar 21 günlük üzňelikde bolmaly. Bu barada «Reuters» habarlar agentligi habar berýär.

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola keseliniň ýaýramagy 15-nji maýda resmi taýdan tassyklanypdy. Bu wirusyň taryhda hasaba alnan iň uly ýaýramalarynyň ikinjisi boldy. Soňky maglumatlara görä, ýurtda 11 müňden gowrak adam bu kesele ýolugdy, olaryň takmynan 5,3 müňüsi aradan çykdy.

Ebola wirusyna ýolugmagyň käbir ýagdaýlary Ugandada hem hasaba alnypdy. Emma ýerli häkimiýetler keseliň ýaýramagynyň öňüni alyp, ýagdaýy gözegçilik astyna almagy başardylar.