
Dokma önümi bolan keteni dünýäde tara guralynda dokalan ilkinji kämil mata dokmaçylygyň gyzykly we täsin sungaty hasaplanýar. Ýönekeýligi, berkligi bilen tapawutlanýan tara guraly erik we tut agaçlaryndan ýasalypdyr. Ahal welaýatynyň çäklerinde tara guralyny has köp ulanypdyrlar. Keteni dokamak üçin başga-da, güle, darak, üzeňňi, naýça, mäki ýaly gurallaryndan peýdalanylypdyr. Gelin-gyzlarymyzyň gözelligine has-da görk goşýan bu matanyň köz ýaly gyzyl reňki gyzgyn mähir berýär, sary zolaklary ýanyp duran oda meňzeýär. Keteni sözi, aslynda, ösümligiň ady bolup, şol ösümlikden taýýarlanan mata hem şeýle atlandyrylypdyr. Halk içinde ýaýran gürrüňe görä, gadymy döwürlerde sähralyklarda ösen keteni ösümliginiň süýüminden hem ilkinji keteni dokalypdyr. Soňra senetkärler bu matany ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan süýümden dokap başlaýarlar. Keteni barada garry enelerimizden eşiden bir rowaýatym ýadyma düşýär. Rowaýata görä, gadymy döwürde tarada alaça dokaýan bir gelin bolupdyr. Onuň ýoldaşy söwdagär eken. Bir gezek ýoldaşy oňa söwda üçin uzak ülkelere argyşa ýola şaýlanandygyny aýdypdyr. Gelin onuň eline bir jübüt çörek berip, sag-aman dolanyp gelmegini arzuwlap, alys ýola ugradypdyr. Şol döwürlerde kerwen ýolunda alamançylaryň bolýandygyny eşiden gelin uly alada galypdyr. Içerik girip, daşaryk çykyp, göwni kanagat tapmandyr. Şonda oňa gaýynenesi: «Gelin, gözi girýan, bagry birýan bolup ýörme, ýanýoldaşyň, jan ýoldaşyňdyr. Eger oglumyň sag-salamat dolanmagyny isleýän bolsaň, ýüpek kelepleriňi eliňe al-da, ýagşy dilegler bilen keteni ýüwürt!» diýip, maslahat beripdir. Alaça matasynyň dokmasyny ýaňyja tamamlan gelin gaýynenesiniň bu sözünden soň keteni dokamaga başlapdyr. Ol: «Ýanýoldaşym daň saz berip, şapak gyzaranda ýola düşdi, goý, ol ýene-de şapak gyzaranda öýümize düşýän Gün şöhlesi mysaly, dolanyp gelsin!» diýip, ýüwürden ketenisiniň iki tarapyna şapaga meňzeş sary reňkden gyrasary goýupdyr. Soňam pikirlenipdir-de: «Ýanýoldaşymyň, jan ýoldaşymyň işleri ileri bolup, Taňrym ony gözden-dilden gorasyn!» diýibem, gyrasarydan soň aldymgaçly, alatowly, garaly-akly zolak edipdir. Gelniň bar yhlas-başarnyk hem höwes bilen dokan ketenisi şeýle bir üýtgeşik bolupdyr welin, daşdan-ýakyndan onuň işini görmäge gelýänleriň sany artypdyr. Aradan hepdeler geçip, aý aýlanypdyr. Bir gün säher wagty şapak tilkiguýruk bolanda, gelniň uzak ýola giden söwdagär adamsy uzak illerden hatar-hatar iner-maýalaryny harytdan mas ýükläp, sag-salamat dolanyp gelipdir. Gelin adamsynyň gelenini gaýynenesine buşlap, ilkinji dokan ketenisini oňa sowgat beripdir. Şondan soň keteni matalar arzuw-dilegleri hasyl edýän mata hökmünde durmuşa çykjak gyzyň arzyly bukjasynyň abraýyna öwrülipdir. Keteni sadaja tarada dokalyp bolnandan soň, mata petli bolar ýaly, ony duzly suwa ýatyryp, guradypdyrlar. Bu usul matanyň berkligine-de täsirini ýetiripdir. Enelerimiziň aýtmagyna görä, irki döwürlerde köýneklik keteniler ýuka we endamyňa ýakymly bolar ýaly saçyň taryna barabar inçe ýüpek ýüplükden dokalypdyr. Kürtedir çyrpy üçin dokalan keteniler biraz ýogyn ýa-da iki bükdürilen ýüpek ýüplüklerden örän berk we syk dokalypdyr. Munuň özi başa atylýan kürtäniň ýa-da çyrpynyň uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegi, uzak wagtlap geýdirmegi, çalt ýyrtylmazlygy üçin ulanylan usul eken. Matalaryň saglyga peýdaly bolan ösümliklerden taýýarlanan tebigy reňklere boýalmagy adam saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Keteni matasynda-da, köplenç, naryň, hozuň gabygyndan, çöpboýadan taýýarlanan reňkler ulanylýar. Ýurdumyzda bitýän melhem ot-çöplerden taýýarlanan reňklerden boýalyp, inçelik bilen dokalýan keteniniň saglyk üçin peýdasy uludyr. Sowsany, alatow, jöwher, maldaýy, çepbetow, daraýy, galbiri, gyrmyzy donluk, alaça, tagta donluk, ýedi dürli, kese atym ýaly keteniniň ajaýyp görnüşleri ene-mamalarymyzyň akyl-paýhasynyň, sülük barmaklarynyň zähmeti bilen döredilipdir. Keteniden diňe köýnek tikilmän, eýsem, ýaglyklar, guşaklar, tahýa, kürte, çyrpy, ýeňsiz, erkek adamlar üçin ezýakaly köýnekler, donlar bolsa mata bölekleri gurnama görnüşinde yrýa edilmän çagalar üçin kürtekçeler, kirlikler tikilipdir.
Keywords