Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli mekdebe taýýarlamakda çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti uludyr. Çagalara irki ýaşdan döwrebap bilim bermek, sowat öwretmek, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek we sapaklarda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Aşgabat şäherindäki 62-nji çagalar bakja-bagynda hem körpeleriň aň-düşünjesini ösdürmäge, sözleýiş ukyplaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen sapaklar yzygiderli geçirilýär. Bakja toparynda terbiýelenýän çagalar bilen guralýan sözleýşi ösdürmek sapaklarynda olaryň täze düşünjeleri özleşdirmegine, ene dilindäki sesleri dogry aýtmagyna we söz baýlygynyň artmagyna aýratyn üns berilýär.

Sapaklaryň başynda körpeler aýyň we günüň senesi, hepdäniň günleri, ýylyň pasyllary hem-de howanyň ýagdaýy bilen tanyşdyrylýar. Öň öwrenilen temalary berkitmek maksady bilen reňkli suratlar we şekilli görkezme esbaplary ulanylýar.

Mysal üçin, çagalaryň beden agzalary baradaky düşünjelerini ösdürmek üçin kelle, agyz, burun, el, aýak, gulak we göz ýaly agzalaryň şekilleri görkezilýär. Körpeler şol suratlara seredip, beden agzalarynyň atlaryny aýdýarlar. Şeýle hem tema bilen baglanyşykly goşgulary ýat tutmak we aýtmak arkaly olaryň sözleýiş endikleri berkidilýär. Sapagyň dowamynda çagalaryň dynç almagy üçin hereketli maşklar hem ýerine ýetirilýär.

Şeýle usullaryň utgaşykly ulanylmagy körpeleriň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, olaryň aň we sözleýiş ösüşine ýardam berýär.