
Basym ýurdumyzyň oba hojalykçylaryndan uly jogapkärçiligi talap edýän gowaça ekişine girişiler. Ekişiň ýakynlaşmagy bilen göz öňünde tutulan agrotehniki çärelere taýýarlyk işleriniň depgini hem güýçlenýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Köýtendag etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler.
Kärhananyň işgärleri gowaça ekijileriň 20-ä golaýyny, «MONOSEM NG-Plus-4» kysymly takyk ekijileriň 5-sini, ýönekeý ekijileriň 22-sini, bar bolan boronadyr malalaryň ählisini möwsüme birkemsiz taýýarladylar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şu möwsümde 8450 gektar meýdana gowaça tohumyny ekmek meýilleşdirilýär. Kärendeçilerdir mehanizatorlar ekişi bellenilen möhletinde agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmek üçin şu günlerden aladalanýarlar.
— Gowaça ekişi möwsümi barha golaýlaşýar. Möwsümde işleriň sazlaşykly guralmagy ugrunda Jumanazar Halmyradow, Halbaý Hurramow, Bagtyýar Begenjow ýaly abatlaýjy ussalarymyz, Ahmet Hudaýbergenow, Çary Kulsahadow, Kuwandyk Tursunpoladow, Jeýhun Seýtiýew ýaly mehanizatorlarymyz aýratyn tapawutlanyp işlediler. Tehnikalarymyz ýaz ekişine doly taýýar edildi. Nesip bolsa, möwsümi ýokary derejede guramaçylykly geçireris — diýip, kärhananyň mehanigi Ramazan Namazow ynamly aýdýar.
Keywords