Ta­ry­ha gi­ren Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýyly «Kök­çi» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti üçin diý­seň dü­şüm­li ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Aw­tou­lag­lar üçin ni­ýet­le­nen ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan kär­ha­na­nyň şol ýyl alyp baran iş­le­ri «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýe­til­jek tä­ze sep­git­le­riň gö­nez­li­gi bol­dy. Kär­ha­na önüm­çi­li­gi­ni düýp­li gi­ňelt­me­giň ýolun­da mö­hüm iş­le­ri ama­la aşyr­dy. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ozalky kär­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky tä­ze top­lu­my onuň önüm­çi­li­gi­ni has-da art­dyr­ma­gy­na şert dö­ret­di. Mah­la­sy, Türk­me­na­ba­dyň de­mir­be­ton kär­ha­na­sy­nyň çä­gin­de ýo­la goý­lan tä­ze önüm­çi­lik kär­ha­na­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­dy. Şeý­le­likde, bu ýer­de il­deş­le­ri­mi­ze hö­dür­len­ýän iş orun­la­ry­nyň umu­my sa­ny hem art­dy­ryl­dy. Ýur­du­myz­da ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni il­kin­ji bo­lup ýola go­ýan kär­ha­na iş­le­ri­ni şert­na­ma esa­syn­da Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa za­wo­dy bi­len bi­le­lik­de alyp bar­ýar. Şun­da önüm­çi­lik üçin ze­rur çig mal bo­lan kü­kürt kis­lo­ta­sy şol za­wod ta­ra­pyndan üp­jün edil­ýär. Çig mal­la­ryň da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän bö­le­gi hem iň ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bo­lup, olar Be­ýik Bri­ta­ni­ýadan alyn­ýar. Mu­nuň özi bu ýer­de ýe­ňil we ýük aw­tou­lag­la­ry üçin ön­dü­ril­ýän dür­li öl­çeg­ler­dä­ki ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň hi­li­niň ýo­ka­ry bol­ma­gyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Kä­mil önüm­ler di­ňe ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ba­zar­da hem uly is­legden peý­da­lan­ýar. Bu ha­ky­kat kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­niň hä­zi­re çen­li Er­me­nis­ta­na, Azer­baý­ja­na, Ow­ga­nys­ta­na, Gyr­gy­zys­ta­na hem-de Ita­li­ýa eks­port edi­len­di­gin­de hem aý­dyň şöh­le­len­ýär. — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­siniň ag­za­sy bo­lan «Kök­çi» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­timiz 2014-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Ýur­du­myz­da türk­men se­na­gat­çy­la­ry­dyr te­leke­çi­le­ri üçin dö­re­dil­ýän şert-müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­la­nyp, 2015-nji ýyl­da bäş ýyl­lyk möh­let bi­len alan ýe­ňil­lik­li karz­la­rymyz kär­ha­na­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­me­gi­miz­de möhüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Mu­nuň özi Wa­ta­ny­myz­da im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça hu­susy­ýet­çi­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän giň gol­daw-he­ma­ýa­tyň mi­we­si­dir. Şo­nuň üçin hem biz se­na­gat­çy­la­ryň hem-de te­leke­çi­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi ug­run­da uly ala­da­la­ry ed­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za sag­bol­sun aýd­ýa­rys — di­ýip, «Kök­çi» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy hem-de baş di­rek­to­ry Ka­ka­jan Re­je­pow bel­le­ýär. Hä­zir­ki ösen jem­gy­ýe­ti­miz­de önüm­çi­li­giň gaýta­dan iş­le­mek ug­ru­ny ös­dür­mek, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­na­ga­ty dö­ret­mek bo­ýun­ça hem äh­mi­ýet­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le ýö­rel­ge­ler­den ugur alyp, işi­ni gün­sa­ýyn kä­mil­leş­dir­ýän «Kök­çi­niň» önüm­çi­lik kär­ha­na­syn­da ula­nyş möh­le­ti ge­çen ak­ku­mul­ýa­tor­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek hem ýo­la goý­lup­dyr. Mah­la­sy, ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň Tür­ki­ýä­niň we Ýa­po­ni­ýa­nyň döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len önüm­ha­na­la­ryn­da ula­nyş möh­le­ti ge­çen ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň gur­şun­la­ry­nyň, plastmas­sa­sy­nyň we beý­le­ki bö­lek­le­ri­niň gaý­ta­dan iş­len­ýän­di­gi­ne, tä­ze ak­ku­mul­ýa­tor­la­ry ön­dür­mek üçin ze­rur bo­lan se­riş­de hök­mün­de ula­nyl­ýan­dy­gy­na ün­si çek­mek ge­rek. Onuň dü­zümin­dä­ki kü­kürt kis­lo­ta­sy bol­sa hi­mi­ýa za­wo­dy­na tab­şy­ryl­ýar. «Kök­çi» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň gel­jek üçin hem mö­hüm meýil­le­ri bar. Kär­ha­na Gün pa­nel­le­ri­niň ba­ta­re­ýa­la­ry­ny, şeý­le hem te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dü­rip baş­la­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Mah­la­sy, bu ýer­de «ýa­şyl» ener­gi­ýa­nyň ös­dü­ril­me­gin­de ne­ti­je­li ädim­ler ädi­ler. 2030-njy ýy­la çen­li bol­sa ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň alyp bar­ýan önüm­çi­li­gi üçin ze­rur bo­lan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň bel­li­bir bö­le­gi­niň Gün pa­nel­le­ri­niň üs­ti bi­len kär­ha­na­nyň özi ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi kär­ha­na­nyň önüm­çi­li­gi­ni has-da gi­ňelt­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­der.