Portugaliýaly meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu Britaniýanyň futboly barada täze serial taslamasyna başlaýandygyny habar berdi. Ol bu taslamada prodýuser hökmünde çykyş eder.

Futbolçy bu täzeligi sosial ulgamlardaky sahypasynda paýlaşdy. Ol şol ýerde serialyň režissýory Metyu Won, aktýor Deýmien Lýuis we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Týerri Anri bilen düşen suratlaryny ýerleşdirdi.

Serialda futbol agentiniň baş keşbini britaniýaly aktýor Deýmien Lýuis ýerine ýetirer.

Taslamanyň önümçiligi UR•Marv Studios kinostudiýasyna degişli. Kriştianu Ronaldu bu studiýanyň işine prodýuser Metyu Won bilen bilelikde ýolbaşçylyk edýär.