Dünýä bazarynda senagat kükürdiniň gorlarynyň azalmagy we oňa bolan islegiň artmagy azyk önümleriniň gymmatlamagyna sebäp bolup biler. Bu barada «Financial Times» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Ormuz bogazyndaky ulag geçelgelerinde ýüze çykan bökdençlikler nebitgaz pudagynyň goşmaça önümi bolan kükürdiň üpjünçiligine ýaramaz täsir etdi. Kükürt kislotasy bolsa fosfat dökünlerini öndürmekde giňden ulanylýar. Şonuň üçin bu çig malyň ýetmezçiligi dökün önümçiligine, onuň üsti bilen hem oba hojalyk çykdajylaryna täsir edip biler.

Ýakyn Gündogardaky dartgynly ýagdaý sebäpli käbir öndürijiler önümçilik möçberlerini azaltmaga mejbur bolýarlar. Şeýle şertlerde senagat kükürdini satyn almak üçin önüm öndürijileriň we dag-magdan kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşlik hem güýçlenýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar başlamazdan ozal dünýä boýunça kükürt eksportynyň ýarysyna golaýy bu sebite degişli bolupdyr. Russiýanyň kükürt eksportyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli togtatmagy we Hytaýyň kükürt kislotasynyň eksportyna çäklendirmeler girizmegi hem bazardaky üpjünçilige goşmaça basyş döredýär.

Bu ýagdaýlaryň netijesinde kükürdiň we kükürt kislotasynyň bahalary rekord derejelere ýetipdir. Çig malyň gymmatlamagy fosfat dökünleriniň önümçilik çykdajylaryny ýokarlandyryp, oba hojalyk önümleriniň özüne düşýän gymmatyna hem täsir edip biler.

Şeýle-de bolsa, dökünleriň bahasynyň ýokarlanmagynyň azyk önümleriniň bölek satuw bahalaryna nähili derejede täsir etjekdigi beýleki ykdysady şertlere, önümçilik çykdajylaryna we bazardaky üpjünçilige bagly bolup galar.