
Kärhanada häzirki wagtda dürli görnüşli azyk önümleri öndürilýär. Olaryň hatarynda:
Bu önümler ýokary hili we tagamy bilen tapawutlanyp, ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Kärhananyň berýän hasabatyna görä, geçen döwürde şu möçberde önüm öndürildi:
Bu görkezijiler meýilnamadan artykmaç ýerine ýetirilip, kärhananyň önümçilik kuwwatynyň netijeliligini görkezýär.
Kärhanada zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň yhlasly we jogapkärçilikli işi netijesinde bu üstünlikler gazanylýar. Rejepbaý Bazarow, Gülnara Mahmudowa, Gapbar Myhmanow, Dursoltan Akmyradowa, Saýara Mahmudowa, Ruslan Joraýew ýaly işgärler kärhananyň abraýyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.
Kärhananyň işgärler bölüminiň hünärmeni we kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Dilşat Jumaýewa şeýle diýýär:
Hormatly Prezidentimiz ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky möhüm wezipeleri öňde goýdy. Biz hem bu jogapkärli borjy üstünlikli ýerine ýetirmek üçin yhlas bilen zähmet çekýäris. Önümçilik enjamlarymyzdan netijeli peýdalanyp, ilkinji nobatda hili ileri tutýarys. Önümlerimiziň bazarda geçginli bolmagy, edýän işlerimiziň üstünlikli netije berýändigini görkezýär. Geljekde-de halkymyzyň rysgal-berekedi üçin zerur azyk önümlerini köp möçberde öndürmegi dowam etdireris.
Bu sözler, kärhananyň döredýän harytlarynyň diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem jemgyýetçilik ähmiýeti taýdan hem möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Keywords