
Lebap habarlary
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat:
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy
Saýlaw okrugynyň merkezi :Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi.
Saýlaw okrugynyň araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrapap geňeşliginiň Hojamireşen obasynyň N. Hasanow, K. Myradowa, Jeýhun, Watan, Gündorta, Kenarýaka köçeleriniň we Boýrapap geňeşliginiň Baýdakçy, Galkynyş, Adak, Petdeli, Gaýmakçy obalarynyň, Hojaili geňeşliginiň hem-de Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Altyn asyr, N. Hakberdiýew, Görelde, Azatlyk, Seýitnazar Seýdi, Lebaby, Begişow, B. Ilamanow, Agzybirlik, Mollanepes, Mollayazy, K. Şaýmanow, I. Joraýew, Lebap, Hasylçy, Günbatar, Daýhan köçeleriniň, Çaltut şäherçesiniň, Çarbagdepe, Jeňňel, Garamahmyt geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
79-njy «Darganata» saýlaw okrugy
Saýlaw okrugynyň merkezi :Darganata etrap häkimligi.
Saýlaw okrugynyň araçäkleri: Darganata etrabynyň Darganata, Gazojak şäherleriniň, Lebap şäherçesiniň, Çarwadar, Hojalyk, Magtymguly, Sediwer geňeşlikleriniň we Lebap geňeşliginiň Sakararyk obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Keywords