
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, döwrebap we ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň hem-de enjamlaryň uly toplumy — jemi 148 sany tehnika gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Gelip gowşan tehnikalaryň 79 sanysy awtoulaglar, 7 sanysy ýöriteleşdirilen tehnikalar, 62 sanysy bolsa dürli maksatly enjamlardyr. Täze tehnikalar birleşigiň işgärleriniň iş netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, şäherleriň arassaçylygyny üpjün etmäge hem-de görküne görk goşmaga gönükdirilendir.
Tehnikalaryň hatarynda 15 sany zeý suwuny sorujy awtoulag, 2 sany ýokary basyşly lagym ulgamlaryny arassalaýjy, 2 sany süpüriji-ýuwujy tehnika, zir-zibil ýygnamaklyga niýetlenen 30 sany awtoulag bar. Şeýle-de 3 sany gidrogaldyryjy, 10 sany 24 orunlyk awtobus, ýük göterijiligi 25 tonna bolan 1 sany awtokran we beýleki ýörite tehnikalar bar.
Welaýat jemagat hojalygyna gelip gowşan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň arasynda 3 sany ýükleýji ekskowator, 3 sany öňtaraplaýyn uly ýükleýji we 1 sany tekerli ekskowator hem bar. Mundan başga-da, täze tehnikalaryň arasynda bag göçürmeklige niýetlenen hem-de aýratyn dakylýan enjamlaryň toplumynyň bolmagy bellärliklidir.
Täze tehnika toplumy welaýatyň ýaşaýjylary tarapyndan gadymy milli däplerimize laýyklykda un sepilip, alaja dakylyp dabaraly garşy alyndy.
Keywords