
Lebap welaýatynyň maldarlary häzirki günlerde Garagum, Gyzylgum sähralarynda we Köýtendagyň eteklerinde dowarlary gyşlatmak işini göwnejaý alyp barýarlar. Olar dowarlardan owlak-guzy almak möwsümine işjeň taýýarlyk görýärler. Welaýatyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşigine degişli bolan bäş sany maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň 50 müň 880-den köprägi gyşladylýar. Janypkeş maldarlar dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamany ýylyň-ýylyna üstünlikli ýerine ýetirip gelýärler. Geçen möwsümde ene dowarlaryň 43 müň 406-syndan 39 müň 736 sany owlak-guzy alnyp, meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýyl hem ene dowarlardan owlak-guzulary ýitgisiz almak üçin taýýarlyk görülýär. Möwsümde Döwletli etrabynyň «Tallymerjen», Saýat etrabynyň «Jeýhun», Halaç etrabynyň «Garagum», Köýtendag etrabynyň «Köýtendag», Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalyklarynda işler gyzgalaňly dowam edýär. Halaç etrabynyň maldarlary bolsa, şu ýyl her 100 ene goýundan 100-den gowrak guzy almagy göz öňünde tutýarlar. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda ene goýunlar gijelerine ýyly kaşarlarda saklanýar. Gyşyň sowuk günleri olar öňünden taýýar edilen ätiýaçlyk otlar, 60 — 70 metrlik çuňlukdaky guýulardan ýyly suw bilen üpjün edilýär. Howanyň sowuk günlerinde dowarlary goşmaça iýmitlendirmek üçin gerek boljak ot-iým gorunyň 11 müňden gowrak tonnasy taýýarlanyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, kärendeçi çopanlaryň ählisi bu ugurdan baý tejribe toplan maldarlardyr. Olar ýylyň ilkinji günlerinden ýadawsyz zähmet çekip, maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Keywords