
Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi Täze ýyl günlerinde halkymyzyň baýramçylyk saçagy üçin öz taýýarlan gök we miwe önümlerini hödürledi. Tomus we güýz aýlarynda ýygnalan miweleriň 40-a golaý, gök-bakja önümleriniň bolsa 30-a golaý görnüşi şu güne çenli sowadyjylarda saklanyp gelindi.
2012-nji ýylda gurlup, ulanmaga berlen bu kuwwatly sowadyjy ammar müň tonna çenli önümi saklamaga we olary ter görnüşde bazarlara çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin sowadyjynyň on sany kamerasynda ähli zerur şertler döredildi. Her bir önüm talap edilýän howa derejesinde saklanyp, miweleriň baly has-da goýalyp, süýjüligi artýar. Gök we bakja önümleri aýratyn kameralarda ýerleşdirilip, ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar.
Bu sowadyjy ammarlar Türkmenabat şäheriniň gök we miwe gaplaýjy kärhanasynyň golaýynda gurlup, iki tarap üçin-de bähbitli boldy. Häzirki wagtda kärhana gaplama önümleriniň uly bölegini hut şu ammarlar arkaly ýerleşdirýär. Şeýle hem golaýdaky etraplaryň gök we miwe gaplaýjy kärhanalary öz öndürýän önümleriniň bir bölegini bu sowadyjy ammar toplumlarynda saklaýarlar.
Welaýatyň bagbanlarynyň birnäçesi bilen şertnamalar baglaşylyp, miwe önümleri satyn alnyp sowadyjylarda ýerleşdirilýär. Hut şonuň üçin hem häzirki günlerde bazarlarda sahawatly topragymyzda ýetişdirilen dürli görnüşli miweler we gök önümler hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.
Günüň çoguna baly goýalyp bişen miweler baýramçylyk saçaklaryny bezeýär. Olaryň tagamy-da, ysy-da üýtgeşikdir. Uly-kiçi aýna gaplarda ýerleşdirilen şerbetler, mürepbeler, goýaltmalar hem aljyrama islegli önümlere öwrüldi. Olar bilen bäsleşýän ýerli telekeçiler-de öz önümlerini owadan gaplama görnüşleri bilen hödürläp başladylar.
Daşary ýurtlaryň kämil tehnologiýalaryny satyn alyp, öz önümçiligini ýola goýýan telekeçileriň sany welaýatda barha artýar. Bu gezek olar dürli şöhlat önümleri bilen birlikde, ary balyny, gawun kakyny, şeýle-de banan, limon, pyrtykal ýaly önümleri hem hödürlediler.
Keywords