Lebap welaýatynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk işleri dowam edýär. 2026–2027-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda welaýatdaky bilim edaralarynda okuwçylary garşy almaga, ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätlejek körpeler üçin dabaralary geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Täze okuw ýylynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň birinji synpyna 20 müň 988 çaganyň kabul edilmegine garaşylýar. Olar üçin okuw ýylynyň ilkinji günlerinde dürli medeni-durmuş çäreleri guralyp, mekdep durmuşyna ilkinji ädimlerini ädýän körpeleriň şatlykly pursatlaryny baýramçylyk ýagdaýynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Birinji synpa kabul edilýän okuwçylara Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan döwrebap kompýuterleriň gowşurylmagy hem meýilleşdirilýär. Bu sowgatlar ýaş nesliň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmagyna we sanly bilim mümkinçiliklerinden peýdalanmagyna şert döreder.
Welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk döwründe bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Mekdeplerde döwrebap tehnologiýalary okuw işine has giňden çekmek arkaly okuwçylaryň täze bilimleri özleşdirmek mümkinçiliklerini artdyrmak, kompýuter sowatlylygyny we sanly başarnyklaryny ösdürmek maksat edinilýär.
Lebapda bilim ulgamynyň geçen okuw ýylyndaky netijeleri hem täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda üns merkezinde bolar. 2025–2026-njy okuw ýylynda welaýat boýunça 23 müň 561 okuwçy orta mekdebi tamamlady. Olaryň bilim ýolunda gazanan üstünlikleri ýaş nesil üçin görelde hökmünde görkeziler.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýene bir möhüm bölegini zehinli ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan çäreler düzer. «Altyn asyr altyn zehinler» atly dabaralarda okuwçylaryň dürli ugurlarda gazanan netijeleri, döredijilik başarnyklary we zehinleri giňden görkeziler.
Täze okuw ýyly Lebap welaýatynyň bilim ulgamynda hem täze maksatlar we wezipeler bilen başlanýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, tehnologik ösüşleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy we geljekki hünärlerine taýýarlyk görmegi üçin döredilýän şertleriň has-da kämilleşdirilmegi öňde goýlan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.