
Moskwa awiassiýa instituty (MAI) Türkmenistandan bolan dalaşgärleri bakalawur, spesialitet we magistratura maksatnamalaryna okuwa kabul edip başlamagy yglan etdi. Daşary ýurt raýatlary üçin kabul ediş topary 2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda açylar we resminamalary kabul etmek işi 15-nji awgusta çenli dowam eder. Bu barada Aşgabatdaky "Rus öýüniň" (Russkiy dom) telegram-kanalynda habar berilýär.
18-nji aprel bilen 26-njy aprel aralygynda ýokary okuw jaýy daşary ýurt raýatlary üçin onlaýn-olimpiada geçirýär. Olimpiadanyň ýeňijileri giriş synaglarynyň netijelerine goşmaça 10 bal, baýrakly orunlary eýelänler bolsa 8 bal alarlar. Hasaba alyş işleri olympiad.mai.ru saýtynda elýeterlidir.
MAI dürli ugurlar boýunça taýýarlyk okuwlaryny hödürleýär:
Häzirki wagtda institutda 1900-den gowrak daşary ýurtly talyplary bilim alýar. Ýokary okuw jaýy başga şäherlerden gelýän talyplary umumy ýaşaýyş jaýyndaky ýerler bilen üpjün edýär we okuwyň ähli tapgyrlarynda goldaw berýär.
Okuwa girmek boýunça soraglar üçin rus@mai.ru elektron poçtasyna ýa-da +7 499 158-00-27 telefon belgisiniň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Has giňişleýin maglumat kabul ediş toparynyň priem.mai.ru saýtynda ýerleşdirilendir.
Keywords