
Döwlet Baştutanymyz 5-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmeginiň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň we möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan anyk wezipeleri welaýatlarda alnyp barylýan işleriň mazmunyna täze itergi berip, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Iş maslahatynda biziň welaýatymyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada berlen hasabatda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde bolsa sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak çäreleriniň ýerine ýetirilýändigi bellenildi. Bu işler geljekki hasylyň berk binýadyny emele getirip, ýer-suw serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzda gowaça ekişine taýýarlyk işleri häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ugurda «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginde we onuň etraplardaky kärhanalarynda tehnikalardyr gurallary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Tehnikalaryň saz ýagdaýyna getirilmegi, olaryň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy we meýdan işlerine bökdençsiz çykarylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Önümçilik birleşiginiň baş inženeri Atamyrat Allakulyýewiň beren maglumatlaryna görä, öňde duran möhüm oba hojalyk möwsümi üçin dişli boronalaryň 7 müňüsi, Özbegistan Respublikasynda öndürilen SÇH-4B kysymly gowaça ekijileriň 393-si, takyk gowaça ekijileriň 64-si, KHU-4B kysymly kultiwatorlaryň 991-si, «Ortman-8375» kysymly ýedi hatarly kultiwatorlaryň 66-sy, çuň ýumşadyjylaryň 67-si hem-de çizelleriň 27-si taýýarlanylýar. Bu tehnikalaryň ählisi degişli barlaglardan geçirilip, ekiş döwründe ýokary öndürijilikli işlediler.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegi diňe bir ýokary hasyl almagyň däl, eýsem, oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň hem möhüm şertidir. Şu nukdaýnazardan, welaýatymyzda gowaça ekişine taýýarlyk işleri döwlet tarapyndan kabul edilen maksatnamalara laýyklykda berk gözegçilikde saklanylýar. Bu giň gerimli taýýarlyk çäreleri gündogar sebitiň ekerançylyk kuwwatynyň artmagyna, zähmetkeş daýhanlaryň bol hasyl almagyna hem-de oba hojalyk pudagynyň umumy ösüşine mynasyp goşant goşar.
Keywords