Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler ýaşlaryň döredijilik we intellektual ukyplaryny ýüze çykarmaga, olaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmaga uly ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda IT, robototehnika we sanly ulgamlar boýunça «Sanly geljek — 2026» atly bäsleşik yglan edildi.

Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny bir ýere jemlejek bu bäsleşik esasan üç ugur boýunça guralýar:

  • «Smart City» (Akylly şäher): Bu ugurda şäher düzümini awtomatlaşdyrmaga ýardam edýän robot tehnikalary we döwrebap IoT (Internet of Things — Internet goşundylary) ulgamlary boýunça taslamalara garaşylýar.
  • «EduTech & Mobile»: Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen mobil goşundylar hem-de öwrediji sanly platformalar baradaky işleri öz içine alýar.
  • «Eco-Tech»: Ekologiýany goramak we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek üçin niýetlenen täzeçil sanly çözgütleri hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, her gatnaşyjy diňe bir taslama bilen çykyş edip bilýär. Ýaş oýlap tapyjylar öz taýarlan taslamalaryny 2026-njy ýylyň 2-nji iýunyna çenli guramaçylaryň tbmmekbol@gmail.com we tstp.ashgabat22@gmail.com elektron salgylaryna ugratmalydyrlar.

Bäsleşik barada has giňişleýin maglumat almak hem-de gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdep bölümi we TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-74-07, 22-70-38, 44-86-85.

Elektron poçta salgylary: tbmmekbol@gmail.com, tstp.ashgabat22@gmail.com.