
Mariýa Salud — Meksikanyň Santa-Fe-de-la-Laguna şäherçesinde ýaşan, ömrüni küýzegärçilige bagyşlan ýönekeý bir zenandyr. Wagtyň geçmegi bilen, onuň nurlu ýüzi we mähirli ýylgyryşy dünýäniň millionlarça adamsyna tanyş boldy. Köp sanly muşdaklar we hünärmenler Pixar-yň "Koko" multfilmindäki Mama Kokonyň keşbiniň edil Mariýadan alnandygyna ynanýarlar. Ol nesilleriň arasyndaky söýginiň we maşgala agzybirliginiň simwolyna öwrüldi. Mariýa Salud 2022-nji ýylda 109 ýaşynda aradan çykdy, emma onuň keşbi millionlarça adamyň kalbynda ýaşamagyny dowam edýär.
Çeşme: Amul Info
Keywords