
Maýa Orazgylyjowa, Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy: Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli mirasyny öwrenmekde, baýlaşdyrmakda we täze röwüşde kämilleşdirip, geljekki nesillere ýetirmekde tutumly işler amala aşyryldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan düýpli özgertmeleri, il-ulsumyzyň giň goldawyna mynasyp bolan beýik başlangyçlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Bu gün şol beýik işler we başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary talaplarynyň derejesine göterilýär. Şeýle bolansoň bu işler oba-kentlerimizde giň goldaw tapýar. Munuň şeýledigini milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan keçe taýýarlamak senetçiliginiň uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň mysalynda hem görmek bolýar. Çünki türkmen keçesi halkymyzyň gadymy milli mirasy we baýlygydyr. Keçe senetçiliginiň taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň taýýarlanylyş usuly-da diýseň gyzyklydyr. Ol köp zähmeti talap edýän inçe senet bolmak bilen, ýurdumyzyň sebitleriniň hersiniň öz aýratynlyklaryna görä keşde-nagyşlar bilen bezelýär. Keçe taýýarlamagyň esasy çig mal serişdesi giň sähralarymyzda agyp-dönüp ýören dowarlarymyzyň ýüňüdir.
Darganata şäheriniň ýaşaýjysy, baýry bilim işgäri Amansoltan Kazakowa bu inçe senediň ussady hasaplanylýar. Ilat arasynda uly hormata mynasyp bolan halypa mugallym ýaş gelin-gyzlara bu inçe senediň tilsimlerini, ene-mamalarymyzyň gadymyýetden bäri ýitirmän, alyp gelýän syrlaryny ýadaman-ýaltanman öwredýär. Amansoltan eje keçe taýýarlamak üçin gerek bolan gamyş, ýüň, dürli boýaglar, keçä salynýan dürli nagyşlar, keçe basmak barada gyzykly gürrüň berýär.
Amansoltan eje mekdebimizde biregne 49 ýyl bäri mugallym bolup işläp gelýär. Ol esasy işiniň daşyndan keçe senetçiligini ýaş nesliň arasynda wagyz etmekde hem uly iş alyp barýar. Ol okuwçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda mekdep muzeýini hem esaslandyrdy. Onda keçe önümleriniň dürli görnüşlerinden başga-da ululy-kiçili küýzeler, agaçdan we daşdan ýasalan gap-gaçlar, soky, mis kündükler, haly-palasdyr kilimler bar. Amansoltan mugallym muzeýi Darganata galasynyň taryhyna degişli maglumatlar bilen hem baýlaşdyrýar.
Baýry mugallymyň alyp barýan bu işleri ýaşlarda ata Watanymyza, milli mirasymyza söýgi döretmek bilen, olaryň şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryna buýsanjyny artdyrýar.
Keywords